Mähriban mekan

12 Aprel 2021
1303

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gadyr-gymmatyna belent sarpa goýýan mähriban halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gurmagyň we döretmegiň röwşen ýoly bilen öňe barýar. Paýtagtymyzda sanlyja ýylyň içinde gurlup ulanylmaga berlen dolandyryş edara binalary, ýaşaýyş jaýlarynyň ajaýyp ymaratlary, möhüm ähmiýetli senagat kärhanalarydyr myhmanhanalar, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ulag ýollary, ulaglaryň hereketine juda oňaýly şertleri döredýän köprüler — bularyň ählisi türkmen döwletiniň beýik ösüşlerinden habar berýär. Türkmen paýtagtynda gysga döwürde gurlan desgalar çuň pelsepewi many-mazmuny, kämil binagärligi, döwrebap şertleri, milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde tutýan möhüm orny bilen has-da buýsandyryjydyr. Düýn paýtagtymyzyň ajaýyp künjeginde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ulanmaga berlen Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň täze döwrebap binalary ak şäherimiziň binagärlik keşbini has-da baýlaşdyrdy. Paýtagtymyzyň bu künjeginde ýurdumyzyň ösüşinde möhüm ähmiýeti bolan birnäçe desgalaryň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar.

Hormatly Arkadagymyzyň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli berjaý edilmeginiň netijesinde ak şäherimiziň özgerişleri dünýäniň, döwrüň beýik ösüşleri bilen deň gadam urýanlygy aýratyn buýsandyryjydyr.

Yslamguly SAPARDURDYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.