Saýaly hem barly baglar

9 Aprel 2021
2088

Her ýylyň ýaz we güýz pasyllarynda ýurdumyzda köp mukdarda agaç nahallary oturdylýar. Bag ekmek möwsüminiň başlanmagy hemişe uly joşguna, dabaralara beslenýär. Bu möhüm ähmiýetli çärä hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi obalarymyzda, şäherlerimizde bag ekmegiň ýokary derejede guralmagyna ýardam edýär. Şu ýylam şeýle boldy, bag ekmek guramaçylykly başlandy, gyzgalaňly dowam etdirilip, ýakyn wagtda tamamlanar. Bu gün ýaşyl öwsüp oturan baglar göwünleri göterýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň hatara uzaýan tokaý zolaklaryny, ajaýyp köçelerine bezeg berýän daragtlaryny, keşbini özgerden şäherlerimiziň baglaryny we beýlekileri biparh synlamak mümkin däl. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda alnyp barylýan giň möçberli işler bu meselä uly üns berilýändigini tassyklaýar. Ozalky ekilen baglar indi saýa salýar, bar getirýär.

Belli bolşy ýaly, bag ekmek çäresine öňünden taýýarlyk görülýär, nahallar taýýarlanylýar. Bu babatda Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminde-de birnäçe işler alnyp barylýar. Bölümimiziň öz nahalhanasy bar. Onda agaçlaryň dürli görnüşleriniň nahallaryny ösdürip ýetişdirýäris.

Öwülýäguly GURBANOW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň başlygy.