― Şularyň gününi sanap ösüşi göhüňi getirýär. Soň olaryň boýuna guwanyp, yhlasyňy gaýgyrasyň gelenok ― diýip, birki ýyllykda tejribeli ýüpekçileriň biri gürrüň beripdi. Hawa, ýüpek gurçugyny idetmek möwsümi gysga bolsa-da, hem gyzykly, hem kän hysyrdyly. Ýöne tabşyran piläňden bol girdeji alarsyň welin, ähli ýadawlygyň el bilen aýrylan ýaly bolaýar. Birki ýyllykda milli Liderimiziň gol çeken resminamasy bilen çig piläniň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy ýüpekçileriň işe bolan höwesini has-da artdyrdy.
Mundan müňlerçe ýyl ozal Hytaýdan getirilen ýüpek Ýer ýüzünde tanalan gününden bäri hyrydaryny azaldanok. Şeýle bolansoň, ýüpekçilige ýurdumyzda hem gyzyklanma uly.