Her bir döwletiň ösüş depgini, halkyň ýaşaýyş derejesi, esasan, onuň ylym-bilim binýadynyň berkligine baglydyr. Hormatly Prezidentimiziň ylmy taglymatlary esasynda milli ylym-bilim ulgamyny dünýä ölçeglerine laýyklykda kämilleşdirmäge, ata-babalarymyzyň mirasyny dünýä ýaýmaga, olary geljekki nesillere ýetirmäge aýratyn üns berilýär. Gahryman Arkadagymyz: «Ylymsyz durmuşyň manysy bolmaz», «Ylym yzygiderli öwrenilýän we özleşdirilýän baýlykdyr» diýip bellemek bilen, ýurdumyzyň innowasion ösüşinde ylmyň tutýan ornuny pugtalandyrmak, ylmy-gözleg işlerini amala aşyrmak, ylmy gözlegleriň gerimini giňeltmek, olaryň netijesini durmuşa ornaşdyrmak üçin ähli şertleri döredýär.
Ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň bilelikde guramaklarynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Türkmenistanda ylmy ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilmeginde ýaş alymlaryň orny» atly wideomaslahat geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinden wekiller sanly aragatnaşyk arkaly gatnaşdy.