Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň oba hojalygynda we senagatda döwrebap kärhanalaryň önümçilik kuwwatlyklary yzygiderli artdyrylýar. Olarda öňdebaryjy tehnologiýalaryň hem-de hojalygy ýöretmegiň we dolandyrmagyň täze usullarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy önümçiligiň täze sepgitlere çykmagyny üpjün edýär. Bu ugra ýurt derejesinde üns berilmeginiň netijesinde içerki bazary özümizde öndürilýän ýokary hilli önümler bilen üpjün etmek wezipesi üstünlikli çözülýär. Oba hojalyk önümlerini öndürijilere döwletimiz tarapyndan dürli amatly şertler we ýeňillikler hem döredilýär. Bu ugurda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde hormatly Prezidentimiziň ýerleriň hasyl berijiligini ýokarlandyrmak, iş usullaryny kämilleşdirmek boýunça öňe süren teklipleriniň esasynda möhüm resminamalaryň birnäçesi hereket edýär. Ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw hojalyk işlerinde ulanylýan ýer gazýan tehnikalary we buldozerleri satyn almak üçin 10 ýyl möhlete çenli ýylda 1 göterim ýeňillikli bank karzlaryny bermek, maldarçylyk pudagynyň işini kämilleşdirmek, ýer we suw serişdelerini netijeli ulanmak boýunça döredilen amatlylyklar bolsa täze ösüşlere badalga berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde pes önümçilik görkezijili we düşewüntsiz daýhan birleşikleriniň oba hojalyk ýerleriniň alnyp, has gowy işlemäge ukyply önüm öndürijilere berilmegi baradaky teklibiniň örän maksadalaýyk bolandygyny biziň etrabymyzyň çäginde döredilen «Tebigy ekin» daýhan hojalygynyň mysalynda hem anyk göz ýetirip bilýäris. Kanunçylyga laýyklykda ýörite ýer gaznasynyň döredilip, iş toparynyň çözgüdi esasynda ýerleriň 99 ýyl möhlet bilen has gowy netije gazanýan daýhan hojalyklaryna, daýhanlara berilmegi ýeriň hasyl berijiligine örän oňyn täsirini ýetirdi. Bölünip berlen ýerleriň 70 göteriminde pagta we bugdaý ekmek, galan 30 göteriminde bolsa, beýleki oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmegiň göz öňünde tutulmagy ekin dolanyşygyny geçirmek üçin hem peýdaly boldy.