Energiýanyň daşky gurşawa zyýansyz, gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň innowasion tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, ýurdumyzyň aýry-aýry sebitleriniň energiýa üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek ýurdumyzyň energetika ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipelerdir. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň VI çagyrylyşynyň deputatlar düzümi bilen geçiren taryhy duşuşygynda hem bu ugurda birnäçe anyk maksatlary kesgitledi. Döwlet Baştutanymyz şol taryhy duşuşykda ýurdumyzda «Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» hem-de «Energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek boýunça 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň» kabul edilendigini belläp, bu ugurda hukuk esaslaryny berkitmek, kabul edilen resminamalary durmuşa geçirmek maksady bilen, «Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri hakynda» Kanunyň kabul edilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmegiň, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden netijeli peýdalanmagyň, energetikanyň düzümini kämilleşdirmegiň, ýurdumyzyň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň, energiýany tygşytlaýjy innowasion tehnologiýalary milli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna ornaşdyrmagyň ylmy esaslaryny işläp taýýarlamak, daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklardan ýerlikli peýdalanmak maksady bilen, «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.