Ene topragymyz, mähriban tebigatymyz biziň üçin güýjüň, berk jan saglygynyň we uzak ýaşamaklygyň çeşmesi hasaplanýar. Durmuşyň jadyly duýgusy, şeýle hem üýtgeşik ukyp adamzada gerek bolan dermanlyk ösümlikleri tapmaga kömek edipdir we olaryň iýmäge ýaramlylygyny, ýokary hilliligini hem-de olaryň himiki düzümine göz ýetirmezden ozal tebigy iýmitlik önümleri kesgitlemäge mümkinçilik beripdir diýip, lukman Arkadagymyz bu jümleleri özüniň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopediki kitabynda belläp geçýär.
Hawa, Gahryman Arkadagymyz mamla. Türkmenistanyň ösümlikler dünýäsi özüniň iňňän uly baýlygy bilen tapawutlanypdyr we ol müňýyllyklaryň dowamynda birnäçe dertlerdir keselleri bejermekde melhemlik serişdesi bolup hyzmat eden bolsa, ýene biri iýmek üçin, beýleki biri boýag üçin, ýene biri bolsa zenanlaryň gözel görküni has-da gözelleşdirmekde meşhurlyga eýe bolupdy. Ine, şeýle meşhurlyga eýe bolan, adamzada dört müň ýyldan bäri belli bolup gelýän ösümlikleriň biri-de eýran meliýasydyr.