Ha­zar — kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gyň mer­ke­zi

4 Aprel 2021
1633

Türk­me­nis­tan ge­og­ra­fik taý­dan amat­ly çäk­de — Mer­ke­zi Azi­ýa we Ha­zar deň­zi se­bi­tin­de ýer­leş­mek bi­len, Ýew­ra­zi­ýa­nyň iri söw­da ýol­la­ry­ny bir hal­ka bi­rik­dir­ýän Ha­zar­ýa­ka gi­ňiş­lik­dä­ki ägirt uly te­bi­gy baý­lyk­la­ryň me­ka­ny hök­mün­de ta­nal­ýar. Bu se­bi­tiň yk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik­le­ri di­ňe bir ulag we ener­ge­ti­ka däl, eý­sem, söw­da, se­na­gat, ma­ýa go­ýum we sy­ýa­hat­çy­lyk bi­len hem bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Ag­za­lan ugur­lar bo­ýun­ça bar bo­lan müm­kin­çi­lik­le­ri ne­ti­je­li peý­da­lan­mak Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň her bi­ri üçin yk­dy­sa­dy taý­dan örän bäh­bit­li­dir.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, ýur­du­myz «Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­nyň 2017 — 2023-nji ýyl­lar üçin Kon­sep­si­ýa­sy­na» la­ýyk­lyk­da üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň Ha­zar ug­ru­ny has-da iş­jeň­leş­dir­ýär. Mu­nuň şeý­le­di­gi Türk­me­nis­ta­nyň Ha­zar­ýa­ka se­bi­ti söw­da, se­na­gat, ýan­gyç-ener­ge­ti­ka, ulag we sy­ýa­hat­çy­lyk ul­gam­la­ry bo­ýun­ça ösen mer­ke­ze öwür­mek ba­bat­da alyp bar­ýan iş­le­rin­de hem anyk be­ýa­ny­ny tap­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýurt ba­şy­na ge­çen il­kin­ji gün­le­rin­den baş­lap, Ha­zar deň­zi­niň se­bi­tin­de ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­mä­ge we ke­nar­ýa­ka döw­let­le­riň ara­syn­da kö­pu­gur­ly yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge uly äh­mi­ýet ber­ýär. Hä­zir­ki wagt­da bol­sa ýur­du­myz­da no­bat­da­ky umu­my­ha­zar fo­ru­my­ny — VI Ha­zar sam­mi­ti­ni ge­çir­mä­ge yk­jam taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da gu­ral­jak Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň no­bat­da­ky du­şu­şy­gy­nyň gel­jek­de Ha­zar­da yk­dy­sa­dy işi alyp bar­mak hem-de deň­ziň ulag we ener­ge­ti­ka müm­kin­çi­lik­le­ri­ni peý­da­lan­mak ba­bat­da tä­ze yla­la­şyk­la­ry ga­zan­mak­da ne­ti­je­li gep­le­şik­le­riň meý­dan­ça­sy­na öw­rül­jek­di­gi­ni ynam­ly aýt­mak bo­lar.

Ju­ma­my­rat GUT­LY­ÝEW.
Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty­.