Türkmen topragy ekologiýa taýdan arassa ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlygy bilen tapawutlanýar. Ýer ýüzünde bar bolan janly ýaşaýşyň dowam etmegi üçin ösümlik dünýäsiniň ähmiýeti örän uludyr. Ösümlikler janly-jandarlaryň köpüsi üçin iýmit bolup hyzmat etmekden başga-da, halk hojalygynyň dürli pudaklary üçin çig malyň baý goruny emele getirýär.
Türkmenistanyň biodürlüligi 20 müňe golaý görnüşden ybarat bolup, olaryň 7 müňden gowragy ösümliklerdir. Olaryň ýaýraýşyny, köpelişini ylmy taýdan öwrenmekde döwlet tebigy goraghanalary möhüm ähmiýete eýedir.