Döwrebap usullar — önümçilige

2 Aprel 2021
1691

Milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmekde sanly ulgamy, ylmyň soňky gazananlaryny, innowasiýalary we döwrebap tehnologiýalary halk hojalygynyň ähli pudaklaryna ornaşdyrmak şu günüň wajyp wezipeleriniň biridir. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz toplumynda önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen birlikde, ekologiýa talaplarynyň kadalaryny gyşarnyksyz berjaý etmek, pudagyň ylmy-tehniki kuwwatyny berkitmek babatda toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Bu çäreleriň öňdebaryjy ylmy esaslara daýanyp amal edilmegi bolsa hormatly Prezidentimiziň döredijilikli garaýyşlaryna esaslanýar.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny, esasy wezipelerini we maksatlaryny kesgitledi. Prezident Maksatnamasynda nebitgaz pudagynyň mümkinçiliklerine aýratyn ähmiýet berildi. Bu mümkinçilikleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» wezipelerine laýyk gelýär. Häzirki wagtda sanly özgertmeleri durmuşa geçirmek ýoluna düşen nebitgaz pudagynyň kärhanalarynda durnukly ösüş üpjün edilýär. Milli Liderimiziň alyp barýan sanly ykdysadyýeti ösdürmek syýasatynyň bu ulgamdaky esasy maksady ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmekden, uglewodorod we mineral serişdeleriniň çig mal binýadyny sanly ulgam arkaly berkitmekden, nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşynyň möçberlerini artdyrmakdan, olary gaýtadan işlemekden, uglewodorod serişdelerini daşary ýurtlara eksport etmegiň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Halkara ülňülere laýyk gelýän we bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we olary netijeli özleşdirmek hem bu ugurda esasy wezipelerdir.

Abdyrahym HOJAÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.