Mukaddes Garaşsyzlyk ösüşli menzillerimiziň täze belentligini kesgitläp, halky öňe sary batly gadamlar bilen alyp gitmek üçin zerur özgertmeleri amala aşyrmagyň berk daýanjy bolup, ykbalymyzyň nurly sahypasyna öwrüldi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýylynyň uly-uly işler bilen başlanyp, şol depgin bilenem jemlenmegi indi adaty ýagdaýa öwrüldi. Ine, şu ýylyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen “Malaý” gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylmagy hem ýurdumyzyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde täze üstünliklere badalga boldy. Şeýle desganyň işe girizilmeginiň ähmiýeti, onuň ykdysadyýetimiziň depginini artdyrmakdaky orny barada biz öz ýokary okuw mekdebimizde bilim alýan, geljekde energetika pudagynda zähmet çekmeli ýaşlara giňden düşündirýäris. Şol gaz gysyjy desga «Malaý», «Üçajy», «Galkynyş» we «Döwletabat» gaz känlerinden alynýan tebigy gazy sorup almaga we 100 kilometr uzaklyga çenli güýçli basyş bilen akdyrmaga mümkinçilik berer. Ýylyň başynyň şeýle uly ähmiýetli waka — akyma bat berýän desganyň işe girizilmegi bilen başlanmagynyň özi geljekki ädimlerimiziň badynyň ýylsaýyn artjakdygy baradaky ynamy kalbyňa guýýar.