Rowaçlyklardan ruhlanýar il-gün

31 Mart 2021
1479

Welaýatymyzda tutumly işleriň durmuşa geçirilýän kärhanalarynyň biri hem Türkmenabadyň «Demirbetonkonstruksiýasy» kärhanasydyr. Bu ýerde işler ýokary depginde alnyp barylýar. Kärhanada demirbeton önümlerini öndürmek üçin 1-nji we 2-nji gaplaýjy sehler, beton garyjy, armatura, ýeňil dolduryjy, keramiki kerpiç öndüriji sehleri, merkezleşdirilen laboratoriýa, awtoulag we mehaniki abatlaýyş hem-de elektrik sehleri, inžener-tehniki gözegçilik bölümleri hereket etmek bilen, ýygyndy demirbeton önümleri, haryt betony, keramzit we keramiki kerpiç öndürilýär. Şonuň ýaly-da häzirki wagtda bu ýerde öýjükli plitalar, binýatlar, ýol jähekleri, sütünler, guýy gapaklary, diwar panelleri, turbalar we şuňa meňzeş gurluşyk önümleri öndürilýär.

Kuwwatly kärhanada diňe bir demirbeton önümleri öndürilmän, eýsem, kärhana tarapyndan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk-gurnama we abatlaýyş işleri hem alnyp barylýar. Kärhananyň işgärleri tarapyndan häzirki wagtda Türkmenabat, Magdanly we Baýramaly şäherlerinde ýaşaýyş jaýlarynyň birnäçesiniň we täze edara binasynyň hem-de hojalyk bölüminiň gurluşyk-gurnama işleri dowam etdirilýär.

Gunça ÝOLDAŞOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň pudagara utgaşdyryjysy.