Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen mähriban Watanymyzyň halkara abraýy barha artýar. Dünýä döwletleriniň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň pugtalanmagy, halklaryň dostana gatnaşyklarynyň berkemegi ugrunda ýurdumyzda köp işler bitirilýär. Şu ýylyň başynda hormatly Prezidentimiziň welaýatymyzda iş saparynda bolup, Akina ― Andhoý demir ýolunyň, Kerki — Şibirgan elektrik geçiriji ulgamynyň, şeýle hem Ymamnazar ― Akina hem-de Serhetabat ― Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamlarynyň işe girizilmegine ak pata bermegi munuň aýdyň güwäsi boldy.
Bu taryhy ähmiýetli wakalar türkmen we owgan halklarynyň gatnaşyklaryna täze bir sahypany ýazdy. Şol bir wagtyň özünde-de döwletimiziň halkara mertebesini has-da ýokarlandyrdy. Goňşusyna hemaýat etmek, goldamak halkymyzyň beýik ynsanperwerligini äşgär edýär. Halkymyz goňşusynda öz ýüzüni görýär. Dünýäde hyzmatdaşlygy ösdürmekde hormatly Prezidentimiziň ilhalar başlangyçlary bilen amala aşyrylýan iri taslamalaryň birnäçesi owgan topragynda parahatçylygyň berkarar bolmagyna, ösüşleriň ýoluna düşmegine gönükdirilýär. Ählumumy howpsuzlyk, birek-birek bilen ylalaşykly ýaşap, ösüşlere getirýän hyzmatdaşlygy ýola goýmak ýaly ata-babalarymyzdan gelýän gatnaşyklar hormatly Prezidentimiz tarapyndan täze röwüşde baýlaşdyrylyp, aýratyn ýörelgä öwrüldi. Häzirki wagtda asyryň uly taslamasy bolan Türkmenistan ― Owganystan ― Pakistan ― Hindistan gaz geçirijisi hem owgan topragynyň üstünden geçýär. Bu gaz geçiriji sebitde parahatçylygy has-da berkider, täze ösüşleri üpjün eder. Biz hormatly Prezidentimiziň sebitde alyp barýan dünýä ähmiýetli işlerine çäksiz buýsanýarys.