Aýdyň maksatlar rowaçlanýar

31 Mart 2021
1439

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy taýdan esaslandyrylan, öňdengörüjilikli ykdysady syýasatynyň binýadynda ýurdumyzda kuwwatly bazar ykdysadyýeti kemala getirilýär, uly ösüşler gazanylýar, belent sepgitlere ýetilýär. Maýa goýum syýasaty ýurdumyzyň mundan beýläk hem ýokary depginli ösüşini üpjün etmäge, täze iş ýerlerini döretmäge we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga giň mümkinçilikler berýär.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýlaryny uly ruhubelentlikde toýlar. Milli Liderimiz golaýda Aşgabat şäher häkimliginde ýurdumyzyň gözel paýtagtyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri babatynda maslahat geçirdi. Onda şäheri gurmagyň degişli inženerçilik, ýol-gurluşyk, täze binalardyr desgalaryň bezeg aýratynlyklaryny hem-de olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyny öz içine alýan täze döwrebap taslamalar bilen tanyşdy. Täze görkezilen taslamalaryň arasynda paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde peýda boljak «Aşgabat-siti» şähergurluşyk taslamasy has-da özüneçekijidir. Ýurdumyzyň paýtagtyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň çäklerinde ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaý toplumlaryny we binalardyr desgalary gurmak, ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek hem-de olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak işleri hormatly Prezidentimiziň öňe süren geljegi nazarlaýan täzeçil strategik maksatnamasynyň esasy ugry bolup durýar.

Şemşat KIÇIGULOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.