«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda, uly tutumlaryň, dabaraly toýlaryň ýyly hökmünde 2021-nji ýyl täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazylýar. Çünki bu ajaýyp ýylda döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy uludan tutular. Şeýle hem, bu ýylda Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Prezidentimiziň sungat eseri bolan ak şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýy toýlanar.
Toýlary toýa ulaşýan ülkämizde halk hojalygynyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, bedew batly ösüşlere beslenýän dokma pudagy hem bagtyýarlyk döwrümizde uludan tutulýan toýdur baýramlara sowgatly barýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen gurlan we döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan dokma toplumlarynda öndürilýän nah-mata we taýýar önümler diňe ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäde iň islegli harytlara öwrüldi. Gysga döwürde ýokary hili, amatly bahasy hem-de gözegelüwli biçüwi bilen müşderileriň islegli harytlaryna öwrülen «Gala», «Nusaý», «Bedew» ýaly ýerli brendler döredi. Indi «Türkmenistanda öndürildi» diýen nyşanly harytlara dünýäniň çar künjeginde isleg örän ýokary. Ekologik taýdan arassa türkmen pagtasyndan öndürilen taýýar önümleriň ýorgan-düşek daşlyklarynyň, dürli çalgyçlaryň, çagalar, ulular üçin egin-eşikleriň her ýylyň nyşany bilen bezelmegi, reňkleriň sazlaşygy dokma kärhanalarynyň dizaýnerleriniň döredijilikli işleýändigini aýdyň görkezýär. Ýurdumyzda öndürilýän harytlara müşderileriň arasynda uly isleg bildirilmegini bolsa, bu harytlaryň hiliniň ýokarylygy, gözegelüwliligi hem-de amatly bahasy bilen düşündirmek bolar. Biziň zähmet çekýän nah-mata kombinatymyzda günde 10 — 11 müň jübüt jorap öndürýän önümçilik sehi bar. Dokma önümçilik sehimizde 10 — 11 müň metr biz mata hem-de 5 — 6 müň metr gaplama nah mata öndürilýär. Öndürilýän önümleriň ildeşlerimiziň islegli harytlaryna öwrülýändigi bizi diýseň begendirýär. Biziň her birimiz hormatly Arkadagymyzyň döredip beren döwrebap şertlerinden netijeli peýdalanyp, çekýän asylly zähmetimiziň netijesinden lezzet alyp işleýäris.