Ösüşleriň ak ýoluny nazarlap, bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz ýurdumyzda, milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň ykdysady ösüşini hil taýdan täze derejä çykarmak, düzümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ähli ugurlara sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň hasabyna durmuşymyzda gündelik zerur bolan hyzmatlaryň islendigini hiç ýere barmazdan, nobata durmazdan, oturan ýeriňde ýa-da gezip ýören çagyňda bitirmek mümkinçilikleri giňelýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda durmuşymyza sanly özgertmeleriň eýýäm ençemesi ornaşdy. Sanly durmuşa gadam goýanymyzdan soň, kän zatlar babatda gymmatly wagtymyz tygşytlanyldy. Şunuň bilen birlikde, maglumat alyş-çalşygynyň tizligi artdy, zähmet öndürijiligi ýokarlandy.
Sanly ulgama geçmek işleri Ýaragly Güýçlerimizde-de giň gerime eýe boldy. Ýurdumyzyň harby ulgamyna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy uly göwrümli maglumatlar bilen işlemegiň aňsatlaşmagyna, işleriň awtomatlaşdyrylmagyna, wezipeleriň tiz ýerine ýetirilmegine gönükdirilendir. Bu babatda elektron resminamalaryna alyş-çalşy girizmek we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň müdirlikleriniň arasynda elektron maglumatlary alyşmak üçin gerekli çäreler görüldi. Bu maksatlara görä, ulgamda iň gowy dünýä tejribesi özleşdirilýär.