Bagy-bossanlyga bürenýär Diýar

30 Mart 2021
1831

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen arassaçylyk, abadanlaşdyryş, bag ekmek çäreleri netijesinde, ýurdumyzyň ähli künjekleri bagy-bossanlyga bürenip, obadyr şäherlerimiz gözel keşbe gelýär. Welaýatymyzda yglan edilen arassaçylyk we abadançylyk işleriniň iki aýlygyna şäherlerdir etraplarda, obalarda raýatlar uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar.

Her hepdäniň şenbe güni guralýan abadanlaşdyryş işlerinde Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplarydyr mugallymlary hem ýokary işjeňlik görkezýärler. Bu geçen hepde-de şeýle boldy. Ýokary okuw jaýynyň okuw binasynyň töweregindäki dürli agaçlary timarlamak, olaryň düýplerini ýumşatmak, sütünini agartmak, ýap-çilleri çöp-çalamlardan arassalamak ýaly işlere institutyň talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar. Agzybirlikde we guramaçylykly geçirilen bu işlere talyplar her bir tabşyrygyň ýerine ýetirilmeginde yhlaslylyk görkezip, il-ýurt bähbitli sogaply işe mynasyp goşantlaryny goşdular. Şeýlelikde, bellenilen ýerlerde pürli we saýaly agaçlaryň ýüzlerçe düýbi oturdyldy we suwaryldy.

Şekerjan AHMEDOWA,
«Daşoguz habarlary».