Pudak ösüş ýolunda

29 Mart 2021
1713

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly, öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär we durnukly ösüş üpjün edilýär. Berkarar döwletimiziň ähli pudaklary, şonuň bilen bir hatarda, deňiz we derýa ulgamy hem gülläp ösýär.

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti  ýurdumyzda gämi gurluşyk ulgamy boýunça ilkinji ädim bolup, milli ykdysadyýetimiziň we ýurdumyzyň deňiz-derýa ulaglary pudagynyň ösmegine uly goşant goşýar. Zawodyň önümçilik kuwwaty ýylda 10 müň tonna polady işläp, halkara ölçeglerine gabat gelýän häzirki zaman tehnologik enjamlaryň we awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň peýdalanylmagy bilen, 4-6 sany gämini gurmaga niýetlenendir. Mundan başga-da, bu ýerde ýylda 2 müň tonna polat işlemek arkaly ortaça 20-30 sany kiçi we orta göwrümli gämileriň abatlaýyş we bejeriş işlerini ýerine ýetirmäge doly mümkinçilik bar. Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary, firmalary tarapyndan öndürilen döwrebap enjamlar we mehanizmler, zerur bolan awtomobil ulaglary we ýük ýükleýji enjamlar ornaşdyrylan zawodyň dolandyrma ulgamynda gämi dizaýny, taslama dolandyrylyşy, üpjünçilik, bejeriş, önümçilik, tehniki hyzmat ediş, hil we zähmet howpsuzlygy bilen bagly bölümler işleri utgaşdyrylan ýagdaýda alyp barýarlar.

Meretgül BABAÝEWA,
«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň marketing we şertnamalar bölüminiň baş hünärmeni.