Möhüm pudagyň rowaç menzilleri

29 Mart 2021
1638

Eziz Watanymyzyň çar ýanynda ýerasty we ýerüsti tebigy baýlyklarynyň uly gorlary bar. Bu baýlyklar milli ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin gymmatly çig maly bolup hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýän milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly pudaklarynyň biri-de himiýa senagatydyr. Döwletimiz tarapyndan bu pudagy döwrebaplaşdyrmaga we onuň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Milli Liderimiziň türkmen topragynyň ägirt uly tebigy baýlyklaryny ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň bähbidine netijeli we rejeli peýdalanmaga gönükdirilen oýlanyşykly syýasaty bu möhüm wezipeleriň oňyn çözülmegine ýardam edýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe himiýa senagatynda amala aşyrylan toplumlaýyn özgertmeleriň netijesinde, taryh üçin gysga wagtyň içinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap kärhanalary gurmak, himiýa senagatynyň kuwwatlyklaryny ençeme esse artdyrmak, öňden bar bolan kärhanalaryň durkuny döwrebaplaşdyrmak başartdy. 2014-nji ýylda Mary welaýatynda ýyllyk kuwwaty 640 müň tonna karbamid we 400 müň tonna ammiak öndürmäge niýetlenen zawodyň gurulmagy, 2016-njy ýylda Lebap welaýatynda ýyllyk kuwwaty 500 müň tonna kükürt kislotasyny öndürmäge niýetlenen önümhananyň açylmagy, 2018-nji ýylda Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde ýyllyk kuwwaty 1 million 155 müň tonna karbamid we 660 müň tonna ammiak öndürmäge niýetlenen «Garabogazkarbamid» zawodynyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň himiýa senagatynyň kuwwatlanmagynda möhüm ähmiýet eýe boldy. Himiýa senagatyna degişli döwrebap kärhanalaryň ulanylmaga berilmegi Türkmenistanyň tutuş senagat düzüminiň ösüşiniň kuwwatlanmagyna we bäsdeşlige ukyply eksport önümleriniň öndürilişiniň artdyrylmagyna mümkinçilik berer.

Hajybaý ANNAÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.