Älemgoşaryň haýsy reňki seniňki

29 Mart 2021
1879

Bahar paslynyň gelmegi, ýaz ýagşynyň ýagmagy adamlara ruhy lezzet paýlaýan bolsa, şol ýagyndan soň älemgoşaryň çykmagy hem hemmelerde ýakymly duýgulary oýarýar.

Mähriban çagalar! Siz älemgoşaryň 7 sany reňkden ybaratdygyny bilýänsiňiz. Älemgoşardaky reňkleriň nämäni aňladýandygy sizi gyzyklandyrýan bolsa gerek?! Aslynda, bu ýerde gürrüň älemgoşar hakynda däl-de, reňk hakynda barýar. Geliň, bu barada gürrüň edeliň! Adatça, älemgoşarda gyzyl reňk iň ýokarda ilkinji orunda durýar. Gyzyl gadymy reňkleriň biridir. Taryhy maglumatlara görä, ilkinji reňkli suratlarda gyzyl reňk agdyklyk edipdir. Bilermenleriň bellemeklerine görä, gyzyl çaganyň dünýä ineninden soň ilkinji görýän reňkidir. Bu reňk ýiti bolansoň, gözümiz ony beýleki reňklerden çalt saýgarýar. Gyzyl erkliligiň, özdiýenliligiň reňki hasaplanýar. Bu reňki halaýanlar wadasynda durýan, elmydama şol bir durkuny saklaýan adamlardyr.