Halkara gatnaşyklaryň esasy ugry

28 Mart 2021
1615

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň dost-doganlyk ýörelgesiniň esasy bolup durýar. Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynda gazanýan üstünlikleri, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we umumadamzat ösüşlerine bagly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk ýörelgesi dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren teklibi esasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Ýer ýüzünde ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk ýörelgesiniň belent dabaralanmasy boldy. Döwletimiziň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik we oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan «Açyk gapylar» syýasaty hoşniýetli daşary syýasatymyzyň esasy ýörelgesi bolup durýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasynda «2021-nji ýylyň — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylygyň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagy boýunça işlere halkara bileleşigini jebisleşdirmäge, hususan-da, durnukly parahatçylyga, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň sazlaşygyna ýetmek maksady bilen, syýasy gepleşikleriň, özara düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň esasynda, tagallalary jebisleşdirmekde uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Aýna TANGYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.