Diýarymyzda tebigaty goramak, onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak we daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak döwlet syýasatynyň wajyp wezipeleriniň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde hormatly Prezidentimiz daşky gurşawy goramagyň, tebigy serişdeleri, şol sanda suw serişdelerini rejeli peýdalanmagyň, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly töwekgelçilikleriň derejesini peseltmegiň, «Ýaşyl» innowasiýalar tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň hem-de ýurdumyzda aýratyn üns berilýän ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň ileri tutulýan wezipeler bolup durýandygy barada nygtaýar.
Ýurdumyzyň milli baýlygy bolan täsin tebigatymyzy gorap saklamak, ony netijeli peýdalanmak, şol baýlyklary halkymyzyň eşretleri üçin ulanmak, ýurtda we sebitde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek baradaky tagallalar Türkmenistanyň ykdysady, medeni we durmuş taýdan ösüş ýolunyň esasy ugrudyr. Munuň özi biziň döwlet-hukuk ulgamymyzyň binýady bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasy arkaly bellenen ýörelgelere esaslanýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň tebigaty goramaga gönükdirilen 53-nji maddasynda her bir adamyň jany we saglygy üçin amatly daşky gurşawa, onuň ýagdaýy barada hakyky maglumata we ekologiýa kanunçylygynyň bozulmagy ýa-da tebigy betbagtçylyk netijesinde saglygyna we emlägine ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyna hukugy bardygy kepillendirilýär. Şeýle hem döwletiň ilatyň sagdyn ýaşaýyş şertlerini goramak we üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we onuň durnukly ýagdaýyny saklamak maksady bilen tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylyşyna gözegçilik edýändigi beýan edilýär. Şonuň ýaly-da, her bir adam tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludyr. Esasy Kanunymyzyň 94-nji maddasynyň 6-njy bendinde bolsa, Ministrler Kabinetiniň tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylmagyny we goralmagyny üpjün edýändigi kesgitlenen bolsa, 116-njy maddasynyň 5-nji bendinde ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamynyň edaralary bolan geňeşleriň öz çäklerinde tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak we daşky gurşawy goramak boýunça çäreleri kesgitleýändikleri berkidilýär.