Halkymyzda irki döwürlerden bäri bag ekmek, oňa ideg etmek sogaply hem haýyrly iş hasaplanýar. «Bir nahal ekseň, ömrüň baky» diýip, Gorkut atamyzyň belleýşi ýaly, ata-babalarymyz bag idetmegiň edil bir perzendi terbiýeläp ýetişdiren bilen deňdigini, oňa mähir bilen seretmegiň gerekdigini nygtapdyrlar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda hem bag baradaky pähimlerdir paýhasly sözlere giň orun berilýär. «Agaç barly bolsa, başy aşak», «Agaç gatysy soky bolar», «Agaç tutan ýeriňden döwülmez», «Bag aýdypdyr: «Bak maňa, bakaýyn saňa» ýaly parasatly jümleleriň pederlerimiz tarapyndan döredilmegi halkymyzda bag ýetişdirmäge uly ähmiýet berlendigini aňladýar.
Häzirki döwürde bagbanlar miweli hem-de saýaly baglary ösdürip ýetişdirip, bu ugurda özgertmeleri, döredijilikli işleri durmuşa geçirmäge çalyşýarlar. Welaýatymyzda tejribeli bagbanlar juda köp. Şolaryň biri hem Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň Rejepguly Ataýew adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçi bagbany Tagan Orazdurdyýewdir.