Gelse nowruz äleme

24 Mart 2021
929

Baharyň gelmegi bilen ýurdumyzda gadymy döwürlerden bäri bellenilip gelinýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününiň şowhuny bütin töweregi gurşap alýar. Magtymguly Pyragynyň: «Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda» diýip belleýşi ýaly, tebigat al-elwan güllerden keşde çekilen ýaşyl dona bürenip, gözel görke gelýär.

Bahar paslynyň gelmegi bilen täzeden jan giren jahanda badamdyr erikleriň gülläp, ýaşyl geýnen sähralaryň läle getirişi, hanlar hany Baýram han Türkmeniň Nowruz hakyndaky şahyrana setirlerini ýadyňa salýar. Nowruz baýramy öz köküni ençeme asyrlardan alyp gaýdyp, adamzat gatnaşyklarynda dost-doganlygy, hoşniýetliligi, birek-birege ynanyşmagy berkidýän baýramçylykdyr. Çünki Nowruz baýramy diňe bir türkmen halkynda uly baýram hökmünde bellenilmän, eýsem, Gündogar halklarynyň ählisinde-de özboluşly däp-dessurlary berjaý etmek arkaly şüweleňli toýlanylýar.

Jemile HALMEDOWA,
Akdepe etrabynyň 55-nji orta mekdebiniň mugallymy.