Düýn, her ýylda däp bolup gelşi ýaly, il sylagly ýaşulularymyz hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça «Her bir tohumyň müňlesin!» diýen sözleri Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň çäginde daýhanyň yhlas-mähri siňen giň meýdanlarda ýene-de hyruç bilen ruhubelent ýaňlandyryp, möhüm möwsüme başangyç berdiler.
Milli bahar baýramyny dabaraly ýagdaýda bellän ilimiziň kalbyny şatlyga besleýän şanly wakalar, elbetde, bu barlygyň bize eçilen bagtly pursatlary, goşa-goşadan tirkeşip gelip dur. Bagtly iliň günleriniň toýlara ulaşýandygy hakynda aýdylanlaryň ýöne ýerden däldigine tirkeşip gelýän toýlaryň mysalynda aýdyň göz ýetirýärsiň. Ynha, daýhanlarymyzyň durmuşynda iň bir möhüm günleriň başlaýandygyny habar berýän gowaça ekişi ýetip geldi. Irden welaýat häkimliginde gowaça ekişini ýokary hilli we öz wagtynda geçirmek bilen baglanyşykly geňeş-maslahat boldy. Lebaply babadaýhanlar Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň şu bereketli ýylynda 130 müň gektarda gowaçanyň gymmatly çig mal hasaplanylýan hasylynyň 320 müň tonnasyny ýygnap, döwlete tabşyrmagy maksat edinýärler. Bu maksada üstünlikli ýetmek üçin zerur bolan meseleler birin-birin seljerildi. Geňeş-maslahatda çykyş edenler «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem gowaçadan bol hasyl ýygnamak üçin gujur-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryny aýtdylar.