Ahalteke bedewlerimiziň dünýä dolan şöhraty milletimiziň buýsanjydyr

24 Mart 2021
818

23-nji martda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Bedew batly öňe barýar Arkadagly Türkmenistan!” atly çäre geçirildi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň önümçilik-atçylyk bölüminiň uly atbakary N. Rahymowa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan döwlet sylagyny hem-de Şa serpaýyny gowşurmak dabarasy boldy.