Taýýarlykly gelindi

24 Mart 2021
1377

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň gowaça ekişi möwsümi hem ýetip geldi. Bu möhüm çärä ähli obahojalyk zähmetsöýerleri bilen bilelikde welaýatymyzyň pagta arassalaýjy kärhanalarynyň işgärleri hem ähli tarapdan taýýarlykly geldiler. Toprakdan bol hasyl almak üçin esasan ýokary hilli tohuma daýanylýar. Bu babatda welaýatymyzyň pagta arassalaýjy kärhanalarynda hasyl berijiligi ýokary bolan tohumlar taýýarlanylýar.

Welaýatymyz boýunça pagta arassalaýjy kärhanalaryň 9-sy bolup, olarda işler utgaşykly alnyp barylýar. Pagtaçy kärendeçilerimiziň «ak altynyň» bereketli hasylyny almagy üçin olary ýokary hilli gowaça çigidi bilen üpjün etmek zerur bolup durýar. Muňa oňat düşünýän kärhanalaryň agzybir işgärleri bu ugurda sazlaşykly zähmet çekýärler.