Ählihalk bag ekmek dabarasy

21 Mart 2021
2024

ÖŇŇIN berkarar Watanymyzda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýazky bag ekmek möwsümine badalga bolan bu asylly çäre welaýatymyzyň ähli ýerinde toý ruhuna beslendi. Nobatdaky ählihalk bag ekmek dabarasyna ildeşlerimiziň uly höwes we hyjuw bilen goşulmagy eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmegiň, ýaşyl zolaklaryň gerimini giňeltmegiň hem-de ekologiýa abadançylygyny gazanmagyň ýolunda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Welaýat derejesindäki esasy ählihalk bag ekmek dabarasy Ak bugdaý etrabynyň Bereketli zaman şäherçesinde ýaýbaňlandyryldy. Bag ekmäge niýetlenip, birkemsiz taýýarlanan 4 gektar meýdanyň töweregi saba-säherinden toý ruhubelentligine beslendi. Pasyllaryň soltany saýylýan baharyň ir-säheriniň hoştap howasy ol ýere ýygnananlara özboluşly keýpiçaglyk eçildi. Türkmeniň alty ganat ak öýleriniň hatary bolsa, ol ýerdäki toý öwüşginleri bilen özara sazlaşygy emele getirdi. Şeýle göwün göteriji pursatlarda asylly çärä — bag nahallaryny oturtmak işine dabaraly ýagdaýda badalga berilmegi bilen giň meýdandaky ruhubelentlik has belende göterildi.

SURATLARDA: welaýat derejesindäki bag ekmek dabarasyndan pursatlar.