Bal arylaryň «ylham» gülleri

21 Mart 2021
1825

Awstraliýaly dizaýner tarapyndan işlenip düzülen «sintetiki tozanlandyryjy» oba hojalygyndaky öndürijilige goşant goşýan bal arylaryň sanyny köpeltmäge ýardam berer. Bal arylaryň sanynyň azalmagy diňe bir biodürlülige däl, eýsem, ekerançylyk ýerleriniň öndürijiligine-de täsiri uly. Munuň üçin olaryň sanyny köpeltmekde täze teklipler öňe sürülýär. Şol teklipleriň biri hem awstraliýaly dizaýner Maýkl Kendä degişlidir.

Ol bu meseläni çözmek üçin täze tehnologiki oýlap tapyş etdi. Onuň 3D çap ediji arkaly işläp düzen robot gülleri emeli tozanlanmak bilen bal arylary hem bu işe çagyrýar. Bal arylar adaty güller bilen bir hatarda robot güllere hem gonup, iş öndürijiligini artdyryp bilerler.

Gülşat Gutlymyradowa,
Köneürgenç şäherindäki 1-nji orta mekdebiň mugallymy.