Milli demokratiýanyň dabaralanmasy

21 Mart 2021
864

Türkmen jemgyýetiniň il-gün bilen sala salşyp, ýurt ösüşlerine mynasyp goşant goşmak ýaly süňňüne ornan, döwürleriň talabynda taplanan demokratik däpleri Garaşsyz döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy gurluşynda döwrebap dowam etdirilýär. Ähli ugurlar boýunça şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň sazlaşykly ösüşini gazanmak üçin öňde goýlan maksatlar demokratik täzelenişi, ösen raýat jemgyýetini kemala getirmäge gönükdirilen wezipelerde orun alýar.

Şu jähetden, ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň özgerdilmegi Milli Parlamente jemgyýetimiziň ähli gatlaklaryna wekilçilik etmäge, häzirki döwrüň derwaýys meselelerini netijeli çözmäge, kanunlary taýýarlamagyň we ulanmagyň ýagdaýyny düýpli gowulandyrmaga hem-de milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirmäge oňaýly şertleri döredýär. Netijede, ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň işiniň şeýle röwüşde kämilleşdirilmegi döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmakda hem-de ýurdumyzda durmuş adalatlylygynyň kadalaryny doly ykrar etmekde uly ähmiýete eýe bolar.

Merjen BORJAKOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň hünärmeni.