Bagtly maşgalanyň goşa şatlygy

20 Mart 2021
2335

Men bu bagtyýar maşgalanyň Milli bahar baýramynda dünýä inen ekiz gyzlarynyň bardygyny bilemokdym. Üsti naz-u-nygmatlar, dürli görnüşli tagamlar bilen bezelen toý saçagynyň başyna ýygnanan agzybir maşgala agzalary bilen birlikde maňa hem-ä ekizleriň doglan gününiň, hem-de baýramçylygyň arzyly myhmany bolmak miýesser etdi. Ine, şonda Leýla gelneje ullakan toý döwresini ýatladyp duran jaýyň içine göz aýlap, şeýle diýdi:

― 2007-nji ýylyň 22-nji marty — Milli bahar baýramynyň ikinji gününde maşgalamyza baýramçylyk şatlygy goşadan geldi. Şepagat uýalarynyň: «Buşluk! Gyz perzentleriňiz boldy!» diýen şatlykly habary ene ýüregime ýakymly duýgulary paýlady. Bu hoş habar ählimize baýramçylyk şatlygyny paýlan bolsa, ekizlerimiz Gül we Gunçanyň dünýä inmegi bize ullakan bagt bilen birlikde hormatly ady hem getirdi. Mundan on bir ýyl öň maňa hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda köp çagaly ene hökmünde «Ene mähri» diýen hormatly at dakyldy. Bu sylagdan soň on birinji perzendimiz Gülnäz dünýä indi. Häzirki wagtda uly gyzlarym Güneş, Güljan maşgalaly. Gülşen, Güller, Gudrat we Guwanç bolsa dürli wezipelerde zähmet çekýärler. Şeýda we Bilbil 8-nji, Gül we Gunça 7-nji, Gülnäz bolsa 4-nji synp okuwçylary. Gyzlaryma ýaşlygyndan öý işlerine kömekleşmegi, el işleri bilen meşgul bolmagy öwredýärin. Ýurdumyzyň parahatlygy, ilimiziň agzybirligi eneler üçin aýratyn uly bagtdyr. Şeýle ajaýyp döwürde maşgala bagtyýarlygyny duýup, perzentleriňe guwanyp ýaşamaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize ene ýüregimden alkyş aýdýaryn.

Bahar JUMANAZAROWA,
ýörite habarçymyz.