Türkmen diplomatiýasy: ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk

19 Mart 2021
1654

Häzirki wagtda ata Watanymyz Türkmenistan dünýäniň syýasy, hukuk, ykdysady we medeni giňişligine üstünlikli goşulyşýar. Garaşsyz döwletimiz 150-ä golaý daşary ýurtlar bilen diplomatik gatnaşyklary hem-de dünýäniň 100-den gowrak ýurdy bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy alyp barýar. Türkmenistan 50-ä golaý halkara guramalaryň agzasy bolup, 150-den gowrak halkara konwensiýalara, şertnamalara we köptaraplaýyn resminamalara gatnaşýar. Munuň özi türkmen diplomatiýasynyň netijeli durmuşa geçirilýändiginiň, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň örüsiniň has-da giňeýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasaty «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmenistan özüniň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, köptaraplaýyn daşary syýasaty alyp barýar. «Ulag diplomatiýasy», «energetika diplomatiýasy» we «suw diplomatiýasy» ýaly düşünjeleriň adamzat durmuşynda möhüm orun eýeleýän häzirki zaman şertlerinde ýurdumyz degişli ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirýär. Muňa agzalan ugurlarda Watanymyzyň umumadamzat ähmiýetli öňe sürýän oňyn halkara başlangyçlary hem-de amala aşyrýan möhüm iri taslamalary aýdyň şaýatlyk edýär.

Ogulgerek BAÝRAMOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 4-nji ýyl talyby.