«Älem içre at gezer» — nusgalyk eser

18 Mart 2021
1314

Hormatly Prezidentimiziň ygtybarly maglumatlara baý eserleri edebiýatyň ösüşinde kämillige ýetdi. Ýokary çeperçilik usulynda döredilen eserler kemala geliş we ösüş ýolunda ençeme edebi däpleriň özara gatnaşygynyň baý tejribesini görkezdi. Hormatly Prezidentimiz türkmen edebiýatynyň has irki önümleri bolan halk döredijiligini öz eserlerine siňdirdi. Ol eserlerde uzak asyrlaryň dowamynda halkyň ýürek urgusyndan wysal tapan edebi miras sütün-binýat hyzmatyny ýerine ýetirdi. Halkyň köňül joşgunyny, kalp aýdymyny özüne siňdiren milli we medeni miras ol eserlerde şöhlelendi. Halk döredijilik eserleriniň şahyrana žanrlaryna mahsus bolan özboluşly aýratynlyklar, olaryň ruhundaky janlylyk, joşgunlylyk ýaly häsiýetler eserleriň içki özenini düzdi. Dürli döwürleriň watansöýüjilik ýörelgesini nusga edinen taryhy şahsyýetleriň halkyň arasynda ýaşaýandygyny ebedileşdirdi. Edebiýatyň ösüşindäki şol kanunalaýyk hadysasy edebi döredijilikde täze žanr, görnüş aýratynlyklarynyň emele gelmegine getirdi. Şol edebi usullar, aýratynlyklar eserlerde bitewi hadysa, ýol-ýörelgä öwrüldi. Şol täzeçillik diňe alym Arkadagymyzyň eser ýazmakdaky çemeleşmesi bilen häsiýetli bolman, onuň pikir-mazmun, çeper keşp döretmek, taryhy şahsyýetleri ebedileşdirmek babatynda-da türkmen edebiýatyny täze basgançaga çykardy. Hakykaty töwerekleýin suratlandyrmaga laýyk gelýän täze ýordumyň, çeperçilik gurluşyň, täze mazmunyň peýda bolmagy hakykaty anyk, janly görnüşinde suratlandyrmaga öz täsirini ýetirdi. Gahrymanlaryň dilini hususylaşdyrmak meselesini halk dili bilen özlerine baglylykda ýüze çykardy. Şol nukdaý nazardan-da, hormatly Prezidentimiz eserleriniň many-mazmun gymmatlygynyň täze usullar, tärler, žanrlar bilen baýlaşmagynda Magtymgulynyň edebi täsirini örän ussatlyk bilen kesgitledi. Edebi çeşmelerimiziň hazyna goruny, taryhy beýan ediliş usulyny baýlaşdyrdy.

Türkmen edebiýatynda taryhy eserleriň waka ýordumy, esasan, iki ýol bilen gurulýar. Olaryň birinjisinde, ilkinji orunda taryhy şahslar, ikinjisinde bolsa taryhy wakalar durýar. Ikinji aýratynlygynda onuň tersine, birinji orunda döwrüň anyk wakalary, ikinji orunda şahslar suratlandyrylýar.

Täzegül TÄÇMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri