Türkmenistan — ýunesko: sazlaşykly hyzmatdaşlygyň hukuk esaslary

18 Mart 2021
1832

Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeniýeti ösdürmek, medeni mirasymyzy gorap saklamak hem-de milli gymmatlyklarymyzy dikeltmek boýunça ummasyz köp işleri durmuşa geçirýär. Mälim bolşy ýaly, her bir halkyň milli medeniýeti, däp-dessurlary, özboluşly geçmiş taryhy bar. Her bir millet öz ruhy-medeni gymmatlyklary bilen öňe çykýar. Türkmen halky özüniň köpasyrlyk taryhynyň dowamynda adamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna öz mynasyp goşandyny goşupdyr. Medeni mirasy goramagyň, nesilden-nesle geçirmegiň mazmuny we maksady asyrlaryň dowamynda kemala gelen we dünýäniň, adamzadyň medeni ösüşine goşant goşan ata-babalarymyzyň döreden paýhasly ýörelgelerinden ugur almakdyr.

Biziň ýurdumyz bu günki gün birnäçe halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Türkmenistan BMG-niň möhüm konwensiýalarynyň birnäçesine goşulmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny hemişe görkezýär.

Aşyrgeldi JUMAÝEW,
ýuridiki ylymlaryň kandidaty