Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Balkanazyk» önümçilik birleşiginiň Serdar şäherindäki azyk önümleri kärhanasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýanwar-fewral aýlarynda öwgä mynasyp işler bitirildi. Has takygy, geçen iki aýda bu ýerde gaýtadan işlenen 2 müň 417 tonna pagta çigidinden 375 tonna ýokary hilli azyklyk ýag taýýarlanylyp, meýilnama artygy bilen berjaý edildi. Şeýle hem kärhanada taýýarlanylýan ýokary hilli et we süýt önümlerine bolan isleg hem barha artýar. Muňa geçen hasabat döwründe söwda nokatlaryna 20 tonna et we 27 tonna süýt önümleriniň göze gelüwli gaplara gaplanylyp ugradylmagy hem aýdyň görkezýär. Bu görkezijiler geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ep-esli köpdür.
Önümçilik işleriniň amala aşyrylmagy bilen gürrüňi edilýän döwürde bu ýerde pul hasabynda bitirilen işleriň möçberi 1 million 294 müň manatdan hem köp boldy.