«Akylly» şäherler konsepsiýasy ähli sebitlere nusgalyk bolmalydyr

17 Mart 2021
941

16-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz hem-de Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň birnäçe desgalaryndaky, şeýle hem welaýatyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Irden döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde gurulýan köpugurly işewür merkezli kaşaň «Garagum» myhmanhanasyna geldi. Bu ýerde wise-premýer Ş.Durdylyýew hormatly Prezidentimize şu desgada, şol sanda ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.