Anyk maksatlar — netijeli çözgütler

17 Mart 2021
1187

15-nji martda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň baş şäherini hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek baradaky möhüm meselelere, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, ýazky ekiş möwsümine, şanly senelere taýýarlyk görlüşine garaldy.

Milli Liderimiz iş maslahatyny açyp, ilki bilen, paýtagtymyza gözegçilik edýän wise-premýeri hem-de Aşgabat şäheriniň häkimini göni aragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen binalaryň we desgalaryň gurluşyk işleriniň barşy, şeýle hem ýazky bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şanly wakalar mynasybetli açylyp, ulanmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen desgalardaky işleri öz wagtynda tamamlamagyň zerurdygyna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz bu babatda tabşyryklary berdi.

"Nesil".