Möhüm ugurlarda derwaýys çözgütler

17 Mart 2021
1007

15-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň paýtagtyny hem-de welaýatlarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça möhüm meselelere, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, ýazky ekiş möwsümine hem-de şanly senelere taýýarlyk görlüşine garaldy.

Iş maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen binalaryň we desgalaryň gurluşyk işleriniň barşy, ýazky bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri, bugdaýy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, gowaça ekişine taýýarlyk görmek, daýhanlary ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän agrotehniki çäreler, gök-bakja ekinleriniň we miweleriň bereketli hasylyny almak üçin geçirilýän zerur işler, maldarçylyk hojalyklarynyň ýagdaýy we dowarlardan owlak-guzy almak möwsümi, şeýle hem, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri öz wagtynda çözmek we meýilnamalaýyn işleri ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler hakynda hasabatlaryny diňledi.