Oba hojalyk ekinlerinden bereketli hasyl öndürmekde, möwsümleýin agrotehniki çäreleri öz wagtynda we ýokary hilli geçirmekde täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan tehnikalaryň ähmiýeti uludyr. Bu babatda mehanizatorlar daýhanlaryň iň ýakyn ýardamçylarydyr.
Görogly etrap Tehniki hyzmat ediş kärhanasynda dünýäniň abraýly kompaniýalarynyň öndüren «Case», «CLAAS», «Ahion-850», «John Deere», «Belarus-1221» kysymly sürüm traktorlarynyň 47-si, şeýle-de «СLAAS AHOS-340» bejergi traktorlarynyň 39-sy, däne we pagta ýygnaýan kombaýnlaryň 69-sy bar. Olaryň kömegi bilen 2020-nji «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda etrapda galla hem-de pagta meýdanlarynda düzlemek, sürüm, ekiş, hatarara bejeriş-ideg, ýygym işleri ýokary derejede amala aşyryldy. Şol sanda abatlaýyş ussahanasynda we beýleki ýerlerde işler talabalaýyk ýerine ýetirildi.