Geçen ýyl Hasyl toýunyň öň ýanynda hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda oňa ýokary döwlet sylagy — Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly gowşuryldy. Bu onuň köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetine, yhlas-başarnygyna berlen ýokary baha, kalbyny guwançdan dolduran waka boldy.
Elbetde, beýleki kärlerde bolşy ýaly, daýhançylykda hem şeýle ýakymly pursatlara, uly tejribä ýetilýänçä ýadawsyz zähmet çekmeli bolýar. Dogry, bir ýylyň dowamynda-da ýerden bol hasyl alyp, ýokary netije gazanmak mümkin. Ýöne bu entek hakyky daýhan bolandygyňy aňlatmaýar. Ol diňe uly ýoluň başlangyjy bolup biler. Soň şol ýol bilen irginsiz hem-de dogry ýörän adamyň şeýle derejeleriň buýsanjyny başdan geçirjekdigine şübhe ýok.