Magtymguly Pyragynyň bu setirini ýöne ýerden sözbaşa çykarmadyk. Hakyň didaryny gören gudratly suwuň dirilik çeşmesidigi barada «Suw damjasy — altyn dänesi», «Suwly ýer — gülli, suwsuz ýer — ýelli», «Suw — hasylyň enesi» diýen ýaly pähimler döräpdir. Elbetde, suwsuz ýaşaýşyň ýokdugy hemmä düşnükli hakykat. Çünki suw biosferanyň iň wajyp elementleriniň biri. Ekerançy alymlaryň pikirine görä, ösümlik alýan suwunyň her 1000 gramyndan diňe iki gramyny organiki maddalary emele getirmek üçin harçlaýar. Galan 998 gramyny bolsa bugardyp goýberýär. Şeýlelikde, tebigatda ähli janly-jandaryň ýaşamagy üçin zerur bolan suw aýlanyşygy geçýär.
Aýry-aýry ösümlikleriň suwy sarp edişi birmeňzeş bolmaýar. Mysal üçin, bir kilogram bugdaý dänesini ösdürip ýetişdirmek üçin, ol kemala gelýänçä, ortaça, 750 litr suw harçlanýar. Bir kilogram arpanyň ýa-da ýeralmanyň doly hasyl bermegi üçin bolsa 1250 litr suwy harç etmeli bolýar. Şundan görnüşi ýaly, ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümleri üçin ägirt uly möçberde suw gerek. Şunça mukdardaky suw gorlaryny döredip, ondan netijeli we tygşytly peýdalanmak şu günüň möhüm wezipesi bolup durýar. Eýsem, şu günki günde biz bu işiň hötdesinden gelip bilýärismi? Ine, bu barada hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 3-nji fewralynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça geçiren maslahatynda aýratyn durup geçdi.