Baglar — zeminiň zynaty

15 Mart 2021
2070

Toý — parahatçylygyň, asudalygyň hem gaýgy-gamsyzlygyň nyşany. Toý — gowluk, bagtyýarlyk, şatlyk-şagalaň, gülki-degişme, aýdym-saz. Türkmende bolsa, tüweleme, günde-günaşa toý. Döwlet derejesindäki toý-baýramlar hem, her birimiziň şahsy durmuşymyzdaky toýlarymyz hem goşa-goşadan gelýär. Her bir maşgalada perzent doglanyndan başlanýan toý soňra diş toýy, galpak toýy, gelin toýy, pygamber ýaş toýy... bilen dowam edýär. Maşgala üçin ähmiýetli bolan jaý toýy, maşyn toýy ýaly şagalaňly, gyzykly toýlarymyz hem bar. Ine, şularda we şular ýaly toýlaryň hemmesinde-de uludan saçak ýazylýar. Toý saçaklarymyzy bolsa dürli-dümen ir-iýmişler, miweler bezeýär. Her hili mürepbeler, şerbetler hem miwelerden edilýär. Hatda ýönekeý çaý içişlikde-de çaýyň gapdaly bilen kişde, kişmiş, hozuň ýa erigiň maňzy, igde ýaly dürli-dümen ir-iýmişler bolanda, göwnüňe, çaý has tagamly, çaý içişlik hem gyzykly bolýar. Ine, şu nygmatlaryň hemmesi-de baglaryň bize eçilýän datly miweleri. Türkmen aga ýöne ýere «Bagym bar, barym bar» diýmeýär. Bagdan alynýan hasyl bazarlarda-da hemişe ýörgünli hem islegli.

Elbetde, ömründe bir agaç ekmedik adam bag ekip ýetişdirmegi aňsatdyr öýdýär. Ýöne herki zada azap gerek. Azabyny etmeseň, ýagny, idegini ýetirmeseň, hözirini görmersiň. Onsoň, agaç ekmek ýaly işe aňsatja bir zat hökmünde garamak, bärden gaýtmak bolýar. Oglan wagtymyz bag ekilse bizem onuň bir gapdalyndadyk. Dogrusy, ulular biziň — çagalaryň bu işe gatnaşmagymyza höwes bilen razylyk bererdiler. Diňe rugsat bermek hem däl, bize onuň inçeliklerini hem öwrederdiler, aşakdaky ýönekeýje pikirleri hem kalbymyza guýýardylar.