Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty bilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, bank ulgamynda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, şonuň bilen birlikde, müşderilere edilýän hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmak we ulgamyň işiniň netijeliligini mundan beýläk-de artdyrmak esasy ugurlaryň biri hasaplanýar.
Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan müşderilere edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek boýunça işler alnyp barylýar. 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaý boýunça bankyň müşderileriniň ulanýan bank kartlarynyň sany 1,6 milliondan geçip, ýurdumyzda ulanylýan jemi bank kartlarynyň 37 göterimini emele getirýär.