Ösüş-özgerişler ýolunda gaýragoýulmasyz wezipeler

12 Mart 2021
903

11-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, şeýle hem käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.

Milli Liderimiz maslahaty açyp, şu ýyl ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli dabaraly baýramçylyk çärelerini geçirmäge giňden taýýarlyk görülýändigini belledi.

«Watan».