Üstümizdäki ýylyň «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi sport bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Parahatçylygyň sport bilen baglanyşygy biziň eýýamymyzdan öňki asyrlardan gözbaş alyp gaýdýar. Şol döwürlerde gadymy Gresiýada her dört ýyldan Olimpiýa oýunlary geçirilipdir. Olimpiadanyň geçýän günleri ähli uruşlar ýatyrylypdyr. Olimpiadalaryň esasy maksady bolsa halklary birek-birege ýakynlaşdyrmakdan, olary parahatçylyga, agzybirlige çagyrmakdan, dostlaşdyrmakdan ybarat bolupdyr. Häzirkizaman Olimpiýa oýunlaryny esaslandyryjy fransuz, jemgyýetçilik işgäri Pýer de Kuberten hem sportuň üsti bilen parahatçylygy ündäpdir.
Sport parahatçylygyň ilçisidir, halklaryň arasyndaky dostlugyň gözbaşydyr. Diňe bir güýç synanyşmak däl-de, eýsem, birek-birekden tejribe alyşmak üçin geçirilýän ýaryşlar türgenleri dostlaşdyrýar. 2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen V Aziýa oýunlary hem Türkmenistanyň sport abraýyny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, tutuş dünýäde parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine sport, ykdysady we medeni diplomatiýanyň möhüm merkezi hökmünde döwletimiziň abraýyny belende galdyrdy.