Buýsanja beslenen taryhy waka

11 Mart 2021
2013

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň sport ulgamynda hem ýokary derejedäki ösüşler, ýeňişler yzygiderli gazanylýar. Türkmen türgenleri dünýä ýaryşlarynda, olimpiadalarda, uniwersiadalarda ýokary netijelere eýe bolýarlar. Türgenleriň sport bäsleşiklerinde gazanýan ýeňişleri köp babatda halypalarynyň, tälimçileriniň irginsiz zähmetine, talabedijiligine hem-de türgenleşik işlerini ylmy esasda alyp barmagy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Munuň şeýledigini islendik türgen bilen söhbetdeş bolanyňda göz ýetirse bolýar. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Ýulduz Jumabaýewanyň agyr atletika boýunça dünýä çempiony adyna mynasyp bolandygy biziň hemmämizi buýsandyrýar.

Sport ruhy we beden saglygynyň daýanjy, jemgyýetiň kämilleşmeginiň binýady hasap edilýär. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda sporty ösdürmek bilen bir hatarda ýaşlarda sporta bolan höwesiň, söýginiň döremegine hem uly üns berýär. Ýurdumyzyň sport ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Stadionlar, sport desgalary gurulýar. Olarda häzirki zaman sport enjamlary gurnalýar. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesini alyp göreliň, ol ýerde dünýäniň iň täze sport enjamlary ýerleşdirilen, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikler bar.

Döwletgeldi MÄMMEDOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.