Kanunçylyk özgertmeleri — sagdyn jemgyýetiň kämilligi

10 Mart 2021
785

Bagtyýarlyk döwrümizde döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri kanunçylyk taýdan berkitmek örän möhüm wezipe bolup durýar. Şu jähetden ugur alnyp, döwletimiziň hukuk ulgamyny kämilleşdirmek, ýurdumyzda amala aşyrylýan halk bähbitli özgertmeleri hukuk taýdan üpjün etmek ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Şonuň ýaly-da milli kanunçylygymyz halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarydyr ýörelgeleri bilen utgaşdyrylýar.

Mälim bolşy ýaly, 25-nji fewralda Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen bolan duşuşygynda hem milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklaşdyryldy. Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Duşuşygyň öňüsyrasynda milli Liderimiziň maslahat geçirip, Mejlisiň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhüm wezipeleri boýunça pikir alşandygyny aýratyn bellemelidiris. Çünki häzirki wagtda Mejlisiň deputatlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary öňde durýan wezipeleriň amal edilmegine mynasyp goşant goşýarlar. Bu wezipeleriň üstünlikli çözülmegi bolsa halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar.

Jemşit HESENOW,
Baýramaly şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy.