Aýdyň maksatlar bilen rowaçlyklara tarap

10 Mart 2021
1128

Milli derejede yglan edilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly uly rowaçlyklara we üstünliklere beslenýär. Çünki halkymyz üçin parahatçylyk we ynanyşmak düşünjeleri abadançylyk, ösüş diýmegi aňladýar. Taryhyň gatlaryna ser salanymyzda, owal-ahyr parahatçylyga, asudalyga, birek-birege ynanmaga, dostlukly gatnaşyklara ähmiýet berýän halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen ýurdumyzda hem dünýäde bu gymmatly ýörelgeleri durmuşa geçirýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy toýlanýan şu ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy aýratyn buýsanç döredýär. Garaşsyzlyk we parahatçylyk biri-biri bilen örän baglanyşyklydyr. Garaşsyzlyk mukaddeslik, parahatçylyk sazlaşyk bolup, bu jümleler bitewülikde ajaýyplygy emele getirýär. Hut şonuň üçin «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň geçen gysga döwründe hakymyz şanly taryhymyzy täze mazmun bilen baýlaşdyrýan ençeme sebit we dünýä ähmiýetli wakalaryň şaýady bolýar. Il bähbitli, ýurt ähmiýetli halkara geçirijileriň, iri döwrebap desgalaryň ulanylmaga berilmegi, toplumlaýyn maksatnamalaryň, çözgütleriň kabul edilmegi her günümiziň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň mysalydyr. Şu ýylyň ýanwar aýynda Akina — Andhoý menzilleriniň arasyndaky 30 kilometre barabar bolan demir ýoluň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamyň, Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi eziz Diýarymyzyň parahatçylyk söýüjilikli, uzaklary nazarlaýan syýasatynyň beýany boldy. Şeýle iri taslamalaryň amala aşyrylmagy sebitde ykdysady ösüşi ýola goýmakda, hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Leýla IŞANBERDIÝEWA,
Daşoguz şäher kazyýetiniň kazysynyň kömekçisi.