Hepdede näçe gün maşk etmeli? (Ýaşlar we sport)

1 Mart 2021
1563

Sportda üstünlik gazanmak üçin yzygiderlilik zerurdyr. Gündelik durmuşyňyzyň aýrylmaz bölegine öwrülen ýagdaýynda fiziki hereket adama şähdaçyklyk berýär. Sporty durmuş ýörelgesine öwren adam uzak ýaşaýar, sagdyn bolýar. Eýsem, hepdäniň dowamynda näçeräk wagt sport bilen meşgullanmaly? Ine, bilermenleriň bu sowala berýän jogaplary!

Sporta täze başlan adamlar bir aý çemesi wagt bedenini öwrenişdirmeli. Bu döwürde gan damarlary, dem alyş ýollary maşk hereketlerine uýgunlaşýar. Şol sebäpli ilkibaşda hepdede üç gün sport bilen meşgullanmak talabalaýyk hasaplanýar. Üç hepdeden soňra hepdede dört gün sport bilen meşgullanmak dogry hasap edilýär. Wagtyň geçmegi bilen bedeniň kabul edişine görä, her gün yzygiderli sport bilen meşgullanmak bolýar. Bular, esasan, türgenlere degişli. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänler bolsa her gün ýeňil maşklary ýerine ýetirip bilerler. Bulara ýöremek, özüňe agram salman ylgamak we ýüzmek ýaly hereketler degişli. Her gün 15 — 20 minut ýöremek kadaly gan aýlanyş üçin möhüm hasaplanýar. Şol sebäpli hepdede 5-6 gün ýöremek maslahat berilýär.

Ýolaman ÝOLAMANOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.