Meşhur pälwany ýatlap

25 Fewral 2021
1675

Aýdanlaryňy aňyňda aýlap, diýeniňe erk edip bilmek edermenlik. Aýdanlaryňy amala aşyrmak — geljege ynamly gezelenç. Sözüňi iş bilen berçinlemek — ajaýyplygyň ajaby. Pälwan endige öwrülen edebinden ýeňiş serpaýyny ýapyndy. Toýlarda bolýan göreşlerde bil tutuşdy, bekeşdi. Obalarda etraplarda, welaýatlarda türkmen milli göreşi boýunça geçirilen ýaryşlarda ýeňişleri ýaran edindi. Öz agramy boýunça ýurtdaş pälwanlardan saýlandy. Şol döwürde atlandyrylyşyna görä Orta Aziýa boýunça (häzirki Merkezi Aziýa) Daşkent şäherinde geçirilen halkara ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazandy. Häzirki bil tutluşygyň bismillasyny türkmen pälwany bilen özbekleriň Pürs pälwany başlamaly boldy.

Göreş meýdanyna çykan pälwan ýigit bekewüliň görkezen ýerinde daýandy. Asyr aşan ojara çalymdaş ýogyn baldyrlar topragyň çuňlugyna çümdürilen ýaly sarsanokdy. Ýognas göwre göze gelüwlidi. Boýun beden bilen bile biten ýalydy. Ortadan beýigräk boýnuň iki egni tekizlenip, eginler ýasy, döş meýdanlydy. Gazan gapagy goýlan ýaly güberçekleýärdi. Dartylan damarly gollar has-da gujurly görünýärdi. Tirsekden egin aralygyndaky çiginler çogum-çogum. Gysby gysylan barmakly ýumruk demirçi ussanyň ýekedabanyny ýatladýardy. Pälwan ýigit başyny galdyryp, salyhatlylyk bilen töweregine nazaryny aýlady. Märeke hyň berýärdi, tomaşa teşnelerden hyryn-dykyndy. Asmandan alma oklasaň, ýere düşjek däldi. Öz pälwanlarynyň ýeňşiniň şatlygyna şärik bolmaga gelen janköýerler ýerli tomaşaçylardan zyýat bolmasa, kem däldi.

Derýa AŞYR,
žurnalist, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy.